| ش | ی | د | س | چ | پ | ج |
| 1 | 2 | 3 | ||||
| 4 | 5 | 6 | 7 | 8 | 9 | 10 |
| 11 | 12 | 13 | 14 | 15 | 16 | 17 |
| 18 | 19 | 20 | 21 | 22 | 23 | 24 |
| 25 | 26 | 27 | 28 | 29 | 30 |

Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew öz döredijiligi bilen sungat söýüjileri hemişe haýran galdyrýar. Birwagtlar tebigatyň gözel görnüşleri onuň döredijiliginiň esasy temasydy. Ýöne olar şäheriň ýa-da obanyň görnüşleri däl-de, Garagum sährasynyň gözelligidi. Ussat diňe bir uç-gyraksyz altynsow çägelikleri şekillendirmek bilen çäklenmän, olara owadan zenanyň keşbini hem beripdir. Belki, bu sähranyň eýesidir, belki-de ylham çeşmesidir. Her niçigem bolsa, bu görnüş özboluşlylygy we gözelligi bilen tapawutlanýar.
Soňky wagtlarda suratkeş meşhur ahalteke bedewlerine uly gyzyklanma bildirip başlady. Işanguly öz eserlerindäki ahalteke atlary barada birnäçe sagatlap gürrüň berip bilerdi. Mysal üçin, Absent atly at 1960-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynyň çempiony we birnäçe gezek Olimpiýa oýunlarynyň baýrak eýesi bolupdyr. Arap atly at bolsa onuň atasy hasaplanylýar we käbir maglumatlara görä, Arap atly aty Moskwa şäherinde Gyzyl meýdançada geçirilen Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaraly ýörişiniň açylyşynda meşhur goşun serkerdesi, marşal Georgiý Žukow çapyp, şöhrat gazanypdyr. ادامه مطلب ...